- batyrçylyk
- [ba:tyrçylyk]seret batyrlyk∙ Batyrçylyklardan gürrüňler başlanan mahalynda bolsa, şu iki dost çaga gulaklaryny gerip, maza alyp gürrüň diňleýärdiler. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)∙ Onuň ertekileriniň we hekaýalarynyň içinde batyrçylyk, edermenlik, gaýduwsyzlyk, wepalylyk häsiýetde bolan gahrymanlar dilçileriň dykgatyny özüne çekýär. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem batyrçylyk - batyrçylygy.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.